Mejlisiň Başlygy Mustafa Şentop, Kovid-19 Sanjymyny Etdirdi
Sanjym tapgyrynyň çäginde häzire çenli 1 milliona golaý adama sanjym edildi
Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 167 boldy.
Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 24 müň 328 adama ýetdi.
24 sagadyň dowamynda 175 müň 133 adam testden geçirilip, ýene-de 761 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.
Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 6 müň 818 adama ýetdi
Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 7 müň 218 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 277müň 987 adama ýetdi.
Täze görnüş koronawirusa garşy göreş maksady bilen başladylan sanjym tapgyrynyň çäginde häzire çenli 1 milliona golaý adama sanjym edildi.
Saglygy goraýyş işgärlerinden soň garrylar öýlerinde bolýan ýaşulylara we 90 ýaşyndan ýokardaky raýatlara sanjym edilýär.
Beýleki tarapdan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Ankaranyň şäher hassahanasynda Kovid-19 sanjymyny etdirdi.
Degişli Habarlar
Türkiýäniň Galkynyş Ýoly taslamasynda işleriň depgini güýçlenýär
Ulaglar ministri Uşaglar ministri Abdulkadir Uralogly taslamanyň möhüm sepgide ýetendigini aýtdy.