Bartyn welaýatynyň suw giňişliginde batan gäminiň ekipažynyň gözleg işleri dowam edýär

Bartyn welaýatynyň Inkumu diýilen ýeriniň suw giňişliginde batan gäminiň ekipažynyň tapylmagy üçin başladylan gözleg we halas ediş işleri eýýäm 4-nji gün dowam edýär

1567661
Bartyn welaýatynyň suw giňişliginde batan gäminiň ekipažynyň gözleg işleri dowam edýär

Gruziýadan Bolgariýa ýük daşamak maksady bilen ýola çykan we ýekşenbe güni Inkumu diýilýän ýeriň suw giňişliginde ýaramaz howa şertleri sebäpli batan Palau döwletiniň baýdagyny göterýän ýük gämisiniň ekipažyndan ýiten 3 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam etdirilýär. 

Inkumu, Güzeljehisar we Mugada etraplarynyň kenarlarynda Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugyna degişli suwagirijiler, welaýat Žandarma serkerdeligi we Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy tarapyndan gury ýerden dürbiler bilen gözleg işlerini dowam etdirýärler. 

Ýaramaz howa şertleri sebäpli gözleg işleri deňizde geçirilmän, kenardan geçirilýän hem bolsa, ýurdyň Harby deňiz güýçlerine degişli uçar howadan gözleg işlerini amala aşyrýar. 

Ýekşenbe güni günortan Inkumu diýilýän ýeriň suw giňişliginde Palau döwletine degişli "ARVIN" atly ýük gämisi, ýaramaz howa şertleri sebäpli batypdy, sebitde geçirilen gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde ekipaždaky 12 adamyň 6-sy halas edilipdi, ýekşenbe güni 1 adamyň, duşenbe güni bolsa ýene-de 2 adamyň jesedi kenara çykarylypdy. 

 


Etiketkalar: #ekipaž , #gämi , #Bartyn

Degişli Habarlar