Hulusi Akar Yrakda saparda bolýar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, terrora garşy göreşde Yrak bilen her dürli hyzmatdaşlyga taýardyklaryny habar berdi

1566019
Hulusi Akar Yrakda saparda bolýar

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy Ýaşar Güler bilen resmi sapar bilen Yragyň paýtagty Bagdada gitdiler. 

Ilki bilen Yragyň Goranmak ministrligine geçen Hulusi Akar, ol ýerde harby dabar bilen garşylandy. 

Dabaradan soň ministr Akar we Yragyň Goranmak ministri Al Juburi, ilki bilen ikiçäk, soň bolsa toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşiklere Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler hem gatnaşdy. 

Türkiýe bilen Yragyň arasynda doganlykdan öte garyndaşlygyň bardygyny aýdan Akar, sebitiň duýgur bir zamanadan geçýändigini belledi. 

Akar: "Sebitimizdäki kynçylyklaryň hötdesinden bilelikde gelip bileris. Her taraplaýyn dünýäniň iň owadan geografiýasy bolan Ýakyn Gündogar geografiýasyny, sebitimizi parahatçylygyň we howpsuzlygyň merkezi ýagdaýyna öwürip bileris. Yragyň territorial bütewiligine, özygtyýarlylygyna, abatlygyna we durnuklylygyna hormat goýarys. Yragyň syýasy bütewiligi biziň üçin möhümdir. Hiç bir goňşymyzyň topragynda gözümiz ýokdyr" diýip nygtady. 

Yragyň demirgazygyndaky terroryň iki ýurt üçin hem howp emele getirýändigini aýdan Akar: "Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlyk we koordinasiýa örän uly rol oýnaýar. Yrak bilen her dürli hyzmatdaşlyk etmäge taýardyrys" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Yrak , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar