Gara deňizde batan gämidäki 3 adamyň gözleg işleri dowam edýär

Gara deňizde Inkumu diýilýän ýeriň suw giňişliginde batan ýük gämisiniň ekipažyndan dereksiz ýiten 3 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam etdirilýär

1565776
Gara deňizde batan gämidäki 3 adamyň gözleg işleri dowam edýär

Gruziýadan Bolgariýa ýük daşaýan we düýn Inkumu diýilen ýeriň suw giňişliginde ýaramaz howa şertleri sebäpli batan Palau döwletine degişli ýük gämisiniň ekipažyndan dereksiz ýiten 3 adamyň tapylmagy we ölendigi kesgitlenen 2 adamyň çykarylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri dowam etdirilýär. 

Ýaramaz howa şertleri sebäpli gözleg işleri deňizde geçirilmeýär, dikuçarlar hem gözleg işlerine gatnaşyp bilmeýär. 

Düýn günortan Inkumu diýilýän ýeriň suw giňişliginde Palau döwletine degişli "ARVIN" atly ýük gämisi, ýaramaz howa şertleri sebäpli batypdy, sebitde geçirilen gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde ekipaždaky 12 adamyň 6-sy halas edilipdi, deňizde görülen 3 adamyň 1-niň jesedi kenara çykarylypdy. 


Etiketkalar: #gämi , #Gara deňiz , #Inkumu

Degişli Habarlar