Türkiýäniň Daşary işler ministri Pakistanly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Pakistanly kärdeşi Şah Mahmud Kureýşi bilen duşuşyk geçirdi

1562773
Türkiýäniň Daşary işler ministri Pakistanly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Mewlüt Çawuşogly we Şah Mahmud Kureýşi geçiren ikiçäk duşuşyklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Iki ýurt ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin halkara meselelerde ikitaraplaýyn bähbitleri bilen bagly umumy strategiýa alyp barmaklary babatynda ylalaşyk gazandylar. 

Iki ministr mundan başgada dünýäde barha ýaýbaňlanýan Yslamafobiýa garşy aladalaryny belläp geçip, Yslam dininiň gymmatlyklarynyň goralmagy ugrunda bilelikde tagalla etjekdiklerini nygtap geçdiler. 

Duşuşykda, Türkiýe-Pakistan Strategik ykdysady çarçuwanyň hem durmuşa geçirilmelidigi bellendi. 

Beýleki tarapdan Pakistanyň Daşary işler ministri Kureýşi, Keşmir babatynda berýän goldawlary mynasybetli Türkiýä minnetdarlyk bildirdi. 

Ministrleriň geçiren ikiçäk duşuşygyndan soň toparara gepleşikler geçirildi. 

Toparara gepleşiklerden soň, Çawuşogly bilen Pakistanyň Bilim ministri Mahmud tarapyndan Türkiýäniň Magaryf gaznasynyň statusy we işleri bilen bagly şertnama gol çekildi. 



Degişli Habarlar