Erdogan Sanjymlaryň Gelmäge Dowam Etjekdigini Aýtdy

Prezident R.T.Erdogan juma namazyndan soň metbugata beýannama berdi

1555787
Erdogan Sanjymlaryň Gelmäge Dowam Etjekdigini Aýtdy

Prezident R. T. Erdogan, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy Hytaýda öndürlen sanjymdan Türkiýä 3 million sanjymyň getirlendigini we sanjymyň gelmäge dowam etjekdigini nygtady.

Stambulda Aýasofýa Kebir metjidinde Juma namazyny okan Prezident Erdogan, namazdan soň metbugata beýannama berdi.

2020-njy ýylyň bütün adamzat üçin aldym-berdimli we gussaly ýyl bolandygyny beýan eden Erdogan, Kowid-19-a garşy taýarlanýan sanjymlar boýunça gowy netijeleriň gazanylandygyny aýtdy.

Erdogan: “Geçirilen gepleşikleriň netijesinde Hytaýdan 3 million doza sanjym geldi we ol dowam eder. Biz 50 million doza almagy meýilleşdirýäris. Şonuň bilen bilelikde Germaniýadan hem şol mukdarda sanjymyň gelmegine garaşylýar” diýdi.

Prezident Erdogan aýratynam Germaniýa bilen geçirilen gepleşiklerde sanjymyň bilelikde öndürilmeginiň gün tertibindedigini beýan edip: “Bu ugurda Türkiýäniň Ylmy we Tehniki Barlaglar Guramasy iş alyp barýar. Gowy netijeler bar. Beýleki tarapdan Russiýa bilen alynyp barylýan işler bar. Birem Türkiýäni özbaşdak alyp barýan işleri bar. Biz görülen çäreleriň netijesinde enşalla 2021-nji ýylda koronawirusyň doly ortadan aýrylmagyny tama edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar