Türkiýe Beýik Britaniýa bilen ÝB-niň arasynda Breksit boýunça ylalaşygyň gazanylmagyndan hoşal

Türkiýe Beýik Britaniýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Breksit boýunça ylalaşygyň gazanylmagyndan hoşal

1551785
Türkiýe Beýik Britaniýa bilen ÝB-niň arasynda Breksit boýunça ylalaşygyň gazanylmagyndan hoşal

Türkiýe Beýik Britaniýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Breksit tapgyryndan soň edilmegi meýilleşdirilen gatnaşyklaryň gelejegi bilen bagly gepleşikler boýunça ylalaşygyň gazanylmagyndan hoşaldygyny beýan etdi. 

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, bu ylalaşygyň Britaniýa bilen ähli ugurlar boýunça ýakyn gatnaşykda bolan, şol bir wagtda ÝB-ne agza ýurt bolan we ÝB bilen Gümrük Bileleşigine eýe bolan Türkiýe üçin, hem ÝB hem-de Beýik Britaniýa bilen ediljek gatnaşyklar taýdan täze mümkinçilikleriň gapysyny açjakdygyna ynanylýandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Beýik Britaniýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Breksit tapgyryndan soňky gatnaşyklaryň gelejegi bilen bagly gepleşikler boýunça ylalaşygyň gazanylmagyndan hoşaldyrys" diýip bellendi. 

Beýanatda mundan başgada, şol çäkde Britaniýa bilen Türkiýäniň arasynda Erkin söwda şertnamasyna gol çekmek bilen bagly taýarlyklarda hem soňky tapgyra gelinendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar