Yragyň Premýer Ministri Ankara Geldi

Yragyň Premýer ministri Kazymi Prezidentiň Kompleksinde resmi dabara bilen garşylandy

1547333
Yragyň Premýer Ministri Ankara Geldi

 

Yragyň Premýer ministri Mustafa Al Kazymi Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Ankara geldi.

Ilki Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähine baran Kazymi, araggähe gül desselerini goýup, hormatly dymyşlyk etdi.

Yragyň Premýer ministri Kazymi soň Prezidentiň Kompleksinde resmi dabara bilen garşylandy.

 Erdogan bilen Kazymi özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berer.

Prezident Erdogan, Yragyň Premýer ministri Mustafa Al Kazyminiň hormatyna Prezidentiň Kompleksinde agşam naharyny berer.

 



Degişli Habarlar