Yragyň demirgazygynda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Metina sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1541549
Yragyň demirgazygynda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Metina sebitinde gözegçilik enjamlary bilen anyklanan we hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri kesgitlenen PKK-a agza 3 terrorçynyň howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli operasiýalar dowam eder" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar