“ÝB Strategik Körlükden Halas Bolmaly”

Prezident R.T.Erdogan ÝB-niň sezewar bolan strategik körlükden halas bolmalydygyny aýtdy

1540817
“ÝB Strategik Körlükden Halas Bolmaly”

Erdogan Halkara uniwersitetler geňeşi we Akdeniz uniwersiteti tarapyndan Antalýada geçirilen “Gündogar Ortaýer deňizi” temaly işjeň maslahata wideo ýüzlenme bilen gatnaşdy.

R.T.Erdogan: “ÝB başdan geçirýän strategik körlüginden dessine halas bolmaly. Kipriň grek bölegi we Gresiýa tarapyndan Gündogar Ortaýer deňizinde hyýanatçylykly peýdalanylmagyna ýol berilmeli däl” diýdi.

Bileleşigiň arkalaşyk bahanasy bilen Kipr türklerine we Türkiýä mundan artyk haksyzlyk etmeli däldigini aýdan Prezident Erdogan: “Gündogar Ortaýer deňizine kenardaş ähli ýurtlaryň we Kipr türkleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirmegi teklip etdik. Degişli taraplardan Türkiýäniň hödürlän teklibini kabul etmegine garaşýarys. Gresiýanyň başda durmagynda Ortaýer deňizinde goňşy ýurtlaryň ählisini bu meselä netijesiz oýun hökmünde çemeleşmekden el çekmäge çagyrýaryn. Parasatlylyk, içginlik we düşünjelilik bilen hereket edilen halatynda hemmeler üçin bähbitli çözgüdiň tapyljakdygynyna ynanýaryn” diýdi.

Erdogan Türkiýe ýaly Ortaýer deňizinin iň uzyn kenaryna eýe bolan ýurduň başdan geçirilýänlere synçy bolup galmagynyň mümkin däldigini beýan etdi.



Degişli Habarlar