Erdogan Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1539253
Erdogan Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Türkiýe-Eýran gatnaşyklaryny güýçlendirjek ädimleriň ele alynan telefon söhbetdeşliginde, sebitleýin hadysalar hem maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde eýranly alym Muhsin Fahrizadeniň janyna kast edilip öldürilmegine çuňňur gynanç bildirýändigini belläp, doganlyk Eýranyň halkyna we Fahrizadeniň maşgalasyna gynanç bildirdi. 

Janyna kast edilip öldürilmeginiň wagtyna ünsi çeken Erdogan, hüjümiň sebitiň parahatçylygyny we asudalygyny nyşana alandygyny, emma durnuksyzlyk çykarmak isleýän garaňky güýçleriň maksatlarynyň ýene-de bir gezek puja çykjakdygyna ynanýandygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan, Daglyk Garabag oňşuksyzlygynda bolsa indi täze bir eýýama girilendigini belläp, bu eýýamda hem Azerbaýjanyň territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna täsir ýetirip biljek islendik aksiýadan uzak durmagyň möhümdigini, hemişelik parahatçylygyň we durnuklylygyň esaslandyrylmagynyň täze mümkinçilikleriň gapysyny açjakdygyny, onuň Ermenistan bilen birlikde sebitiň ähli ýurtlarynyň peýdasyna boljakdygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #Hasan Ruhani , #Eýran , #Erdogan

Degişli Habarlar