Türkiýäniň Içeri işler ministri italiýaly kärdeşi bilen maslahat geçirdi

Süleýman Soýlu, Italiýanyň Içeri işler ministri Luçiana Lamorgeze bilen maslahat geçirdi

1539047
Türkiýäniň Içeri işler ministri italiýaly kärdeşi bilen maslahat geçirdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Italiýanyň Içeri işler ministri Luçiana Lamorgeze bilen wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi. 

Maslahata Içeri işler ministriniň orunbasary Ismail Çatakly, Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň serkerdesi Ahmet Kendir, Migrasiýa edarasynyň Baş müdüri Sawaş Ünlü we Ýewropa Bileleşigi we Daşary gatnaşyklar edarasynyň başlygy Sezer Yşyktaş hem gatnaşdy. 

Metbugata ýapyk häsýetde geçen maslahatda, migrantlaryň ýagdaýy, adam söwdasy we bikanun immigrasiýa garşy göreş ýaly meseleleriň ara alynyp maslahatlaşylandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar