Türkiýäniň ilkinji ýerli sanjymy taýar

Halkara ülňülere laýyk gelýän Türkiýäniň ilkinji ýerli sanjymy taýar ýagdaýa geldi

1534053
Türkiýäniň ilkinji ýerli sanjymy taýar

Ulylar üçin niýetlenen bürme-difteriýa sanjymynyň ähli önümçilik etaby dolulygyna ýerli mümkinçilikler bilen tamamlandy. 

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, beren ýazmaça beýanatynda, lokalizasiýa we millileşdirmek syýasatynyň çäginde ministrligiň goldaw bermeginde 2015-nji ýyldan bäri geçirilýän işleriň ilkinji netijelerini bermäge başlandygyny habar berdi. 

Halkara ülňülere laýyk ýagdaýda öndürilen ilkinji ýerli sanjymyň ulanylyşa taýardygyny aýdan Koja: "Ministrligimiziň tassyklap goldaw beren taslama ilkinji miwelerini bermäge başlady. Tehnologiýa geçirilişini hem öz içine alýan işler üstünlikli ýagdaýda tamamlandy. Ulylar üçin niýetlenen bürme-difteriýa sanjymynyň ähli önümçilik etaby dolulygyna ýerli mümkinçilikler bilen tamam boldy" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #ýerli , #milli , #Türkiýe , #sanjym

Degişli Habarlar