“Türkiýe, Täze Global, Syýasy we Ykdysady Ulgamda Täsirini Güýçlendirmek Üçin Uly Mümkinçilige Eýe”

Prezident Erdogan,Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň agzalaryny kabul etdi

1530973
“Türkiýe, Täze Global, Syýasy we Ykdysady Ulgamda Täsirini Güýçlendirmek Üçin Uly Mümkinçilige Eýe”

Prezident R. T. Erdogan “Türkiýe, täze global, syýasy we ykdysady ulgamda güýjüni we täsirini güýçlendirmek üçin uly pursada we mümkinçilige eýe” diýdi.

Prezident Erdogan, Stambulda, Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň agzalaryny kabul etdi.

Erdogan kabul edilşikde täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň, Ýewropanyň başda durmagynda dünýäniň çar tarapy bilen birlikde Türkiýä hem ýaramaz täsirini ýetirendigini belledi.

Prezident Erdogan “Emma muňa garamazdan epidemiýa etabyny ösen ýurtlar bilen deňeşdirilende üstünlikli ýagdaýda gönükdirdik. Halkymyzyň saglygy bilen ykdysady ösüşü deňagramly ýagdaýda alyp barmaga çalyşýarys. Global, syýasy we ykdysady güýç deňagramlylygynda diňe 100 ýylda bir gabat gelinýän wakanyň başdan geçirilýändigini indi hemmeler kabul edýär. Demokratiýamyzy, hak-hukuklarymyzy we azatlyklarymyzy, maýa goýumlarymyzy ösdürip, ykdysadyýetimizi galkyndyrarys we iş mümkinçiligini artdyrarys” diýdi.



Degişli Habarlar