“Parahatçylyk Çeşmesi” Operasiýasy Zolagynda 16 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Türk ýaragly güýçleri, Siriýanyň demirgazygyny “Parahatçylyk Çeşmesi” Operasiýasy bilen terrordan saplapdy

1527055
“Parahatçylyk Çeşmesi” Operasiýasy Zolagynda 16 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Siriýada, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagyna girmäge synanşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 16 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza terrorçylaryň, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagyndaky durnuklylygy we howpsyzlygy bozmagyna rugsat berilmejekdigi nygtldy.

Beýannamada, sebitde degişli çärleri gören harby toparyň terrorçylaryň hüjümleriniň öňüni alandygy we ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 16 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigi ýatladyldy.

Türk ýaragly güýçleri, Siriýanyň demirgazygyny 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 9-y bilen noýabr aýynyň 25-i aralygynda guralan “Parahatçylyk Çeşmesi” Operasiýasy bilen terrordan saplapdy.

 

 

 



Degişli Habarlar