Türkiýe, Maliniň Halkyna Duýgudaşlyk Bildirdi

“Merhuma Alladan rehnet dileýäris, hossarlaryna sabyr, dost we doganlyk ýurt maliniň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris”

1526272
Türkiýe, Maliniň Halkyna Duýgudaşlyk Bildirdi

 

Türkiýe, Maliniň ozalky Prezidenti Amadou Toumani Toureniň ýogalandygy sebäpli Maliniň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, 2002-2012-nji ýyllarda Maliniň Prezidenti wezipesini ýerine ýetiren Amadou Toumani Toureniň Stambulda bejergi alýan hassahanasynda ýogalandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Merhuma Alladan rehnet dileýäris, hossarlaryna sabyr, dost we doganlyk ýurt maliniň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.

Toure, 2012-nji ýylyň 22-nji martynda prezident saýlawlarynyň geçirilmegine bir aý galanda harby agdarlyşyk arkaly wezipesinden çetleşdirlipdi.

Ýurdunda “demokratiýanyň simwolyna” öwrülen Toure, agdarlyşykdan soň Senegala sürgün edilipdi we 7 ýyl soň 2019-njy ýylda ýurduna dolanypdy.

 


Etiketkalar: #merhum , #duýgudaşlyk , #Mali

Degişli Habarlar