Prezident Erdogan Azerbaýjany Baýdak Günü Bilen Gutlady

Türkiýe, Daglyk Garabagda şanly Azerbaýjanyň baýdagy pasyrdaýança Azerbaýjanly doganlaryna goldaw bermäge dowam eder

1524833
Prezident Erdogan Azerbaýjany Baýdak Günü Bilen Gutlady

 

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň, Daglyk Garabagda şanly Azerbaýjanyň baýdagy pasyrdaýança Azerbaýjanly doganlaryna goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Erdogan 9-njy noýabr Azerbaýjanyň Döwlet baýdagynyň günü mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Azerbaýjanly merhum şahyr Bahtiýar Wahapzadanyň, Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlygy “bir enäniň iki ogly” hökmünde häsiýetlendirendigini nygtan Erdogan, “Iki dogan hökmünde edilen başlangyçlar bilen diňe sözde däl eýsem syýasatdan diplomatiýa, energetikadan goranyş senagatyna çenli birnäçe ugurda doganlygymyzy bütin dünýä görkezendik”diýdi.

Prezident Erdogan “Azerbaýjanyň, BMG-nyň we Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň kararlaryna garamazdan 30 ýyldan bäri ermeni basyp alyşlygy astynda bolan Daglyk Garabagdaky territoriasynyň azat edilmegi üçin alyp barýan göreşine ähli taraplaýyn goldaw berýäris. Gadymy türk şäheri Şuşanyň hem azat edilmegi bilen beýik ýeňişe bolan ynanjymyz we umydymyz has-da artdy. Gahryman Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan ýeňilişe sezewar edilýän Ermenistanyň has köp adam pidasy çekilmezden, basyp alan ýerlerini hakyky eýelerine bermeklerini arzuw edýäris.

Türkiýe, Daglyk Garabagda şanly Azerbaýjanyň baýdagy pasyrdaýança Azerbaýjanly doganlaryna goldaw bermäge dowam eder. Eziz doganym Prezident Ilham Aliýewiň üsti bilen Azerbaýjan türki doganlarymyzyň baýdak gününi gutlaýaryn; watan üçin, baýdak üçin, azan üçin we azatlyk üçin gurban bolan eziz şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar