“Azerbaýjanly Doganlarymyzy Şuşa Yeňişi Bilen Gutlaýarys”

Erdogan Şuşanyň 28 ýyl soň Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan azat edilmeginiň özlerini begendirendigini aýtdy

1524004
“Azerbaýjanly Doganlarymyzy Şuşa Yeňişi Bilen Gutlaýarys”

 

Daglyk Garabagyň kalby Şuşa şäheriniň 28 ýyl soň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilmegi baradaky habarlar Türkiýede hem çoşgunly ýagdaýda garşylandy.

Prezident  we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan partiýasynyň Kojaelinde geçirlen maslahatynda sözlän sözünde Şuşanyň 28 ýyl soň Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan azat edilmeginiň özlerini begendirendigini aýtdy.

Erdogan “Azerbaýjanly doganlarymyzyň Şuşa ýeňişini gutlaýaryn” diýdi.

Prezident Erdogan, Şuşanyň azat edilmegi Daglyk Garabagyň halas edilmegine tarap barýan ýolda esasy orun eýeleýändigini belledi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başygy  Mustafa Şentop hem Şuşanyň ýeňişini tüýs ýürekden gutlady.

Mustafa Şentop “Şuşa Azerbaýjandyr. Düşümli we mübärek bolsun” diýdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar