Izmirdäki ýer titremede ýogalan adamlaryň sany 102-ä ýetdi

Hassahanalardaky 143 adamyň bejergisi dowam edýär

1520672
Izmirdäki ýer titremede ýogalan adamlaryň sany 102-ä ýetdi

Içeri işler ministrliginiň Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) tarapyndan berilen beýanata görä, 30-njy oktýabrda Izmiriň suw giňişliginde bolan 6,6 bal ululygyndaky ýer titremeden soň 44-siniň ululygy 4-den uly bolan jemi 1 müň 475 gezek kiçiräk ýer titreme boldy. 

Ýer titremede 102 adam ýogaldy. Ýaralanan 1026 adamyň 883-i hassahanadaky bejergileri tamamlanyp, öýlerine ugradyldy, 143 adamyň bejergisi dowam edýär. 

Izmirde gözleg we halas ediş işleri 13 binada tamamlandy, 4 binadaky gözleg işleri bolsa entek dowam edýär. 

Daşky gurşaw we şäher gurluşyk ministri Murat Kurum, gyssagly ýagdaýda ýumrulmaly bolan binalaryň iň tiz wagtda ýumruljakdygyny belläp, häzirki wagta çenli şol ýagdaýdaky 2 binanyň ýumrulandygyny habar berdi. 

Murat Kurum, ýer titremäniň iň köp zyýan ýetiren ýerleriniň biri bolan Izmiriň Baýrakly etrabynda zyýan ýeten ýerleriň kesgitleýiş işleriniň 2 günüň içinde tamamlanjakdygyny mälim etdi.


Etiketkalar: #ýer titreme , #Izmir

Degişli Habarlar