Türkiýe Gresiýanyň Oruç Reis gämisi bilen bagly beýanatyna jogap berdi

Türkiýe Oruç Reis gämisi tarapyndan geçirilýän işleriň ýurdyň öz kontinental şelfiniň çäginde geçirilýändigini habar berdi

1515807
Türkiýe Gresiýanyň Oruç Reis gämisi bilen bagly beýanatyna jogap berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde geçirýän seýsmiki derňew işleri bilen bagly beren beýanatyna ýazmaça jogap berdi. 

Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki ýurdyň öz kontinental şelfiniň çäginde geçirýän seýsmiki işleriniň Gresiýanyň kontinental şelfinde geçirýändigini öňe süren we bu işleri bikanun hökmünde häsýetlendiren esassyz bir beýanat berendigini aýdan Hami Aksoý: "Oruç Reis gämimiziň seýsmiki derňew işlerini geçirýän ýeri dolulygyna ýurdumyzyň halkara hukugyň çäginde kesgitlenen we BMG tarapyndan hasaba alynan kontinental şelfiniň çäginde ýerleşýär. Bu ýagdaý 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Gresiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisine hem açyk ýagdaýda düşündirildi. Oruç Reis gämisiniň 25-nji oktýabr - 4-nji noýabr aralygynda seýsmiki derňew işlerini ýerine ýetirjek sebiti, Gresiýanyň esasy bölegine 440 km, ýurdumyza bolsa 130 km uzaklykda ýerleşýär" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň hemişe bolşy ýaly, Gündogar Ortaýer deňizinde hem özüniň, hem-de Kiprdäki türkleriň kanuny hukuklaryny kepillik astyna aljak, adalatlylyk esasynda bir çözgüt üçin dialoga we hyzmatdaşlyga taýardygyny aýdan Aksoý: "Gresiýanyňam ýurdumyz bilen dialoga başlamazlyk üçin esassyz sebäpler orta atmakdan we deslapky şertler öňe sürmekden ýüz öwürmelidir" diýip belledi. 



Degişli Habarlar