Ilçiler Prezident Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar

Prezident Erdogan ilçilerden ynanç hatlaryny aldy

1513415
Ilçiler Prezident Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Germaniýanyň Ankara şäherindäki Ýurgen Şulsy kabul etdi. 

Prezidentiň kompleksindäki kabul edilşikde, ilçi Şuls Erdogana ynanç hatyny gowşurdy. 

Ilçi aýalyny we ilçihananyň beýleki işgärlerini Erdogana tanyşdyranyndan soň, ýadygärlik surata düşüldi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ispaniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Fransisko Hawier Ergeta Garnikany kabul etdi

Prezidentiň kompleksindäki kabul edilşikde Ilçi Ergeta Garnika, Erdogana ynanç hatyny gowşurdy. 

Ilçi Ergeta Garnikanyň aýaly we ilçihananyň işgärleri ynanç hatynyň gowşurylmagyndan soň Prezident Erdogan bilen ýadygärlik surata düşdiler. 

Prezident Erdogan, şu gün şeýle hem Maltanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Tereza Kutadžary kabul etdi. 

Prezident kompleksindäki kabul edilşikde ilçi Kutadžar, Erdogana ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi Kutadžar ynanç hatyny gowşuranyndan soň ilçihananyň beýleki işgärlerini Erdogana tanatdy. 



Degişli Habarlar