Türkiýe Ermenistana berk reaksiýa bildirdi

Türkiýe Ermenistanyň Azerbaýjanyň Nahiçewan Awtonom Respublikasyna guran raketaly hüjümini ýazgardy

1510534
Türkiýe Ermenistana berk reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Ermenistanyň Nahiçewana garşy guran hüjümi barada beýanat berdi.

Hüjümiň berk ýazgarylýandygy bellenen Daşary işler ministrliginiň beýanatynda: "Ermenistanyň basyp alan ýerlerinde ýeňilişlere sezewar bolmagy sebäpli hüjümlerini günsaýyn has hem artdyrýar. Serhetdeş bolan Nahiçewan Awtonom Respublikasyna garşy hüjümi, söweşi Ermenistanyň basyp alyşlyk astynda saklaýan Azerbaýjana degişli ýerleriň daşyna çykarmak tagallalarynyň täzesi we howply bir mysalydyr. Ermenistanyň bu howply öjükdiriji hereketlerinden ýüz öwürmesi gerekdir" diýip belledi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň Garabagda basyp alyşlyk astynda saklaýan sebitinden düýn irden Azerbaýjanyň Nahiçewan Awtonom Respublikasyndaky Ordubad welaýatyna raketaly hüjüm gurandygyny habar beripdi, hüjümiň netijesinde asuda halka we ýaşaýyş ýerlerine zyýan ýetmändigi beýan edilipdi.  



Degişli Habarlar