Oruç Reis Üçin Täze Nawteks Yglan Edildi

Oruç Reis, Meis adasynyň günortasynda 22-nji oktýabra Türkiýe wagty bilen sagat 21.00-a çenli iş alyp barar

1507057
Oruç Reis Üçin Täze Nawteks Yglan Edildi

Türkiýe seismiki gözleg gämisi Oruç Reis üçin Gündogar Ortaýer deňizinde täze Nawteks yglan etdi.

Oruç Reis, Meis adasynyň günortasynda 22-nji oktýabra Türkiýe wagty bilen sagat 21.00-a çenli iş alyp barar.

Oruç Reis seismiki gözleg gämisi, Ataman we Jengizhan gämileri bilen birlikde Gündogar Ortaýer deňizinde seismiki gözleg işlerini geçirer.

Oruç Reis seismiki gözleg gämisi kontitental şift we tebigy baýlyklarynyň gözleg işleriniň başda durmagynda geologiki we geofiziki gözleg işlerini geçirýär.

Oruç Reis gämisi doly üpjünçilikli we dürli maksatly dünýäde deňi taýy az bolan gämilerden biri.

Gämi 8 müň metr çuňlugynda 3D formatynda, 15 müň metr çuňlugynda bolsa 2D formatynda gözleg işlerini geçirip bilýär.


Etiketkalar: #gözleg , #Oruç Reis , #Nawteks

Degişli Habarlar