"Oruç Reis" gämisi üçin täze Nawteks yglan edildi

"Oruç Reis" atly seýsmiki ylmy-derňew gämisi, Antalýa portyndan ýola çykdy

1507306
"Oruç Reis" gämisi üçin täze Nawteks yglan edildi

"Oruç Reis" gämisi iş alyp barjak zolagyna gitmek maksady bilen şu gün irden Antalýa portyndan ýola çykdy. "Oruç Reis" gämisi 12-nji oktýabrda başlap 22-nji oktýabrda tamam boljak täze Nawteks bildirişinden soň ýola çykdy. 

Gündogar Ortaýer deňizindäki seýsmiki we ylmy-derňew işlerinden soň birnäçe wagt ozal Antalýa portyna gelen "Oruç Reis" gämisiniň taýarlyk we gözden geçiriliş işleri geçirildi. 

Gözden geçiriliş işlerinden soň, Antalýanyň suw giňişliginde gämidäki enjamlaryň synagy geçirilipdi. 

"Oruç Reis" seýsmiki gözleg gämisi kontitental şelf we tebigy baýlyklaryň gözleg işleri başda bolmak bilen geologiki we geofiziki gözleg işlerini geçirýär.

"Oruç Reis" gämisi doly üpjünçilikli we dürli maksatly dünýäde deňi taýy az bolan gämilerden biri.

Gämi 8 müň metr çuňlugynda 3D formatynda, 15 müň metr çuňlugynda bolsa 2D formatynda gözleg işlerini geçirip bilýär.


Etiketkalar: #Antalýa , #gämi , #Oruç Reis

Degişli Habarlar