Türkiýäniň raýatlary 2021-nji ýyldan başlap Russiýa elektron wiza bilen girip bilerler

Russiýa 2017-nji ýylda başladan elektron wiza gollanmasynyň gerimini giňeltdi

1504739
Türkiýäniň raýatlary 2021-nji ýyldan başlap Russiýa elektron wiza bilen girip bilerler

2021-nji ýyldan başlap Russiýa aralarynda Türkiýäniň raýatlarynyň hem dünýäniň 52 ýurdunyň raýatlary elektron wizalar bilen girip bilerler. 

Russiýa 2017-nji ýylda başladan elektron wiza gollanmasynyň gerimini giňeltdi. 

Täze düzgünnamalar bilen elektron wizalary 2021-nji ýyldan başlap aralarynda Türkiýäniň döwletiniň raýatlary hem bolan dünýäniň jemi 52 ýurdunyň raýaty alyp bilerler. 

Elektron wizalar, mundan başlap Russiýanyň käbir sebitlerinde däl, eýsem ähli ýerlerini öz içine alar. Russiýada galyp boljak möhlet bolsa 8 günden 16 güne çykarylar. 

Elektron wizalar internetden, dynç alyş, iş, saglyk maksatly alyp bolar. 

40 amerikan dollaryna alyp boljak elektron wizalar, 6 ýaşa çenli çagalara mugt bolar. 



Degişli Habarlar