Prezident Erdogan Güntertibiniň Ileri tutulýan Ugurlary Barada Beýanat Berdi

Erdogan Türkiýäniň Katardaky harby barlygynyň bütin sebitiň durnuklylygyna we parahatçylygyna hyzmat edýändigini belledi

1505131
Prezident Erdogan Güntertibiniň Ileri tutulýan Ugurlary Barada Beýanat Berdi

Prezident Erdogan, Katarda iňlis dilinde ýaýlyma berilýän "The Peninsula" atly gazede beren beýanatynda, Türkiýäniň we Kataryň çuň taryhy, medeni we ynsanperwer gatnaşyklara eýe iki dogan ýurtdugyny, iki ýurdyň arasynda ykdysady, senagat, goranyş, howpsuzlyk, maýa goýum we energetika ugurlaryna çenli uzap gidýän köptaraplaýyn strategik gatnaşyklaryň bardygyny beýan etdi. 

Türkiýäniň Katardaky harby barlygynyň diňe doganlyk Kataryň däl, eýsem Pars aýlagy sebitiniň durnuklylygyna we parahatçylygyna hyzmat edýändigini aýdan Erdogan: "Haos döretmek isleýän taraplardan daşary hiç kim, Türkiýäniň we türk esgerleriniň Pars aýlagy sebitindäki barlygyndan biynjalyk bolmaly däldir" diýip nygtady. 

Erdogan Türkiýäniň Siriýa bilen bagly syýasaty we terrora garşy göreşi bilen bagly soraga, Türkiýäniň Siriýanyň territoriýasynda hemişelik galmajakdygyny, hiç kimiň topragynda gözüniň bolmandygyny habar berdi. 

"Krizis hemişelik häsýetde çözülen mahaly, biziň hem Siriýadaky barlygymyz bes ediler" diýip bellän Erdogan, Türkiýäniň ähli terror guramalaryna garşy tutanýerli göreş alyp barýandygyny aýan etdi. 

Prezident Erdogan, Liwiýa bilen baglanşykly bolsa, bu ýurtda kanuny häkimiýetiň üstünlik gazanjakdygyny, huntaçylaryň utuljakdygyny aýdyp: "Türkiýäniň eden tagallalary bilen meýdanda ýola goýulan asudalygyň saýasynda ortada bir pursat peýda boldy. Hem Liwiýany hem-de sebitiň parahatçylygyny we asudalygyny gorajak bu pursat ýersiz ýere sarp edilmeli däl" diýdi. 

Erdogan Gündogar Ortaýer deňizindäki hadyslar bilen baglanşykly bolsa, Türkiýäniň hemişe sebitiň baýlyklaryny kenardaş ýurtlar tarapyndan adalatlylyk esasynda paýlaşmagyň tarapdary bolandygyny, muny bolsa ähli diplomatik çärelerde belläp geçendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar