Mewlüt Çawuogly Italiýanyň Nowa agentligine beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly aýyň başynda geçirilen ÝB maslahatynda Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryna oňyn täsir ýetirjek netije alynmandygyny belledi

1504191
Mewlüt Çawuogly Italiýanyň Nowa agentligine beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Italiýanyň Nowa habarlar agentligine beren beýanatynda, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň, sebitleýin we halkara meseleleriň üstünde durup geçdi. 

Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda, ÝB-nyň sanksiýa girizmek ähtimallygy we Ankaranyň oňa garşylyk görkezmek ähtimallygy bilen bagly soraga Mewlüt Çawuşogly: "Biz ÝB Geňeşiniň bu gezekgi Türkiýe-ÝB dialogynda oňyn netijeleriň alynjakdygyny umyt edýärdik. Emma ÝB Geňeşi garaşylan netijä gelmedi. Obýektiw bolmakdan uzakdylar we ahmallyklary bardy. Bileleşik üçin jebislik, halkara hukuk we deňhukuklylygyň öňüne goýmak üçin düzülen ýalydy. ÝB, Gresiýa we Kipriň Grek bölegi tarapyndan zamun alyndy" diýip jogap berdi. 


Etiketkalar: #Italiýa , #Türkiýe , #ÝB

Degişli Habarlar