“Makron Yslam Duşmançylygyna Meçew Berýär”

Kalyn we Çelik Makronyň beýannamasyna berk reaksiýa bildirdi

1503153
“Makron Yslam Duşmançylygyna Meçew Berýär”

Prezidentiň metbugat Sekretary Ibrahim Kalyn Fransiýanyň Prezideni Emmanuel Makronyň “Yslam çökgünligi başdan geçirýär” görnüşli beýannamasynyň yslama bolan garşylyga we duşmançylyga meçew berýän öjükdiriji frazadygyny aýtdy.

Kalyn Twitter hasabyndan Makronyň sözlerine şeýle reaksiýa bildirdi: “Fransiýanyň Prezidenti Makronyň “Yslam çökgünligi başdan geçirýär” garaýyşy yslama bolan garşylygy we duşmançylygy öjükdiriji beýanat. Fransiýanyň öz ýalňyşlyklary we güýmenjeleri üçin yslamy we musulmanlary günäkärlemäge synanşmak huşsyzlykdyr.”

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat Sekretary Ömer Çelik hem Makronyň “Ekstremizme garşy göreş” kanun taslamasy bilen şöhlelendirilen yslamyň emele getiriljekdigini aýtmagynyň hukuga we din azatlygyna sylaşyksyzlyk bolandygyny nygtady.

Çelik Twitter hasabyndan beren habarnamasynda şol beýannamanyň musulmanlara sylaşyksyzlyk we öjükdirme bolandygyny aýtdy.

Çelik Prezident Makronyň şöhlelendirilen yslamyň dörediljekdigini aýtmagynyň  hukuga we din azatlygyna sarpa goýmazlykdygyny nygtan Çelik, Makronyň Fransiýanyň ministrler kabinetiniň garamagyna hödürlejek kanun taslamasy hakyndaky beýannamasynyň iňňän garaňky düşünjäniň görkezijisidigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar