Türkiýe Ermenistanyň hüjümlerini ýazgardy

Türkiýe Azerbaýjanda adam ýitgilerine sebäp bolan Ermenistanyň hüjümlerini ýazgaryp, halkara jemgyýeti hem dogrynyň ýanynda durmaga çagyrdy

1497978
Türkiýe Ermenistanyň hüjümlerini ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjümleri bilen baglanşykly ýazmaça beýanat berdi. 

Beýanatda, Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň şu gün irden ylalaşygyň düzgünlerini bozup, Azerbaýjanyň goşuny bilen Terter raýonunyň Kapanly, Agdam raýonunyň Çyrakly we Ortakerbent, Fizuli raýonynyň Alhamly we Şükürbeýli we Jebrail raýonynyň Çojukmerjanly obalaryna agyr ýaraglar bilen hüjüm guralandygy baradaky habary alandyklary mälim edildi. 

Halkara kada-kanunyň açyk ýagdaýda düzgün bozmasy bolan we asuda ilat ýitgilerinede sebäp bolan Ermenistanyň hüjümleriniň berk ýagdaýda ýazgarylýandygy bellenen beýanatda, bu hüjümler bilen Ermenistanyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň öňündäki iň uly böwetdigini ýene-de bir gezek subut edendigi aýan edildi. 

Azerbaýjanyň halkyny we territorial bütewiligini goramak üçin kanuny haklaryny elbetde ulanjakdygy bellenen beýanatda: "Bu etapda bir ýürek bolan Türkiýe Azerbaýjana doly ýagdaýda goldaw berýär. Azerbaýjan nähili ýagdaýda islese, şolar ýaly ýagdaýda onuň ýanynda bolarys. Halkara jemgyýeti hem dogrynyň ýanynda durmaga çagyrýarys. Şehit bolan Azerbaýjanly doganlarymyza Alladan rehnet, ýaralanan adamlara gyssagly şypa we Jan Azerbaýjana gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar