Şu gün Ministrler kabinetiniň mejlisi geçiriler

Ministrler kabinetiniň mejlisi Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde şu gün geçiriler

1494290
Şu gün Ministrler kabinetiniň mejlisi geçiriler

Prezidentiň Kompleksinde geçiriljek maslahatda, gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Gündogar Ortaýer deňizindäki meseleler bolar. 

Resmi Ankaranyň dartgynlygy azaltmak üçin eden soňky ädimleriniň netijeleri maslahatlaşylar. 

Koronawirus epidemiýasynda ýetilen sepgidiň ele alynjak maslahatda, koronawirusa garşy göreşde görüp boljak goşmaça çäreler gözden geçiriler. 

Ministrler kabinetiniň mejlisinde mundan başgada Liwiýa we Siriýa meseleleri boýunça türk wekiliýetleriniň söhbetdeşleri bilen geçiren gepleşikleri bilen terrora garşy göreş we ykdysady görkezijiler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Maslahatdan soň Prezident Erdoganyň beýanat bermegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar