Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Hakkari welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1493888
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Ýyldyrym-2 Jilo operasiýasynyň çäginde, Hakkari welaýatynda, Welaýat Žandarma serkerdeligi we Welaýat Içeri işler edarasy tarapyndan terrora garşy operasiýanyň geçirilendigi mälim edildi. 

Howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada, 2 terrorçynyň ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berilen beýanatda, sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi aýan edildi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu operasiýa bilen baglanşykly Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Ýyldyrym operasiýalary ýyldyrym ýaly dowam edýär. Hakkari welaýatyndan ýene-de bir habar geldi. Gutlaýan gahryman howpsuzlyk güýçlerimiz. Alla siz güýç-kuwwat bersin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar