Ibrahim Kalyn we Hulusi Akar Gresiýanyň gazedine reaksiýa bildirdiler

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Gresiýada çap edilýän gazetleriň biriniň Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen bagly sözbaşysyna reaksiýa bildirdi

1493929
Ibrahim Kalyn we Hulusi Akar Gresiýanyň gazedine reaksiýa bildirdiler

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn: "Muny iň berk ýagdaýda ýazgarýaryn, näletleýärin. Sebäbi bu gazediň sözbaşysynyň metbugat azatlygy bilen, söz azatlygy bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. Bu bir öjükdiriji hereketdir" diýip belledi. 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Gündogar Ortaýer deňizi bilen baglanşykly Twitter hasabyndan türk dilinde beren beýanatynyň hem üstünde durup geçen Kalyn: "Hormatly Makronyň türk dilinde beýanat bermegi, ýakymly bir hereketdir. Emma sözüň üzünden beter manysy has möhüm. Göz öňünde tutulanyň nämedigi we onuň haýsy syýasy strategiýanyň çarçuwasyna laýyk gelýändigine ser salynmalydyr. Meniň pikirimçe Hormatly Makron dünýä syýasatyny dogry okap bilenok" diýip belledi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar hem, Gresiýada çap edilýän gazetleriň biriniň Prezident Erdogany nyşana almagyna reaksiýa bildirdi. 

Ministr Akar: "Žurnalistika bilen hiç hili arabaglanşygy bolmadyk grek gazedinde Hormatly Prezidentimizi nyşana alan we grek halky bilen birlikde sagdyn pikirli hiç bir adam tarapyndan kabul edilmejek bu medeniýetsiz sözbaşyny berk ýagdaýda ýazgarýaryn. Bu utandyryjy sözbaşy Gresiýanyň metbugatynyň taryhynda gara tegmil bolup galar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar