Türkiýäniň Ilkinji Uçýan Awtoulagy Synagdan Geçdi

Uçýan awtoulag ýolagçy we ýük gatnatmakda ulanylar

1491572
Türkiýäniň Ilkinji Uçýan Awtoulagy Synagdan Geçdi

“Baýraktar” firmasy tarapyndan milli we özüne mahsus şertlerde öndürilen, Türkiýäniň ilkinji uçýan awtoulagy “Jezeri” ilkinji uçuş synaglaryny üstünlik bilen tamamlady.

“Jezeri” uçýan awtoulagynyň uçuş synaglary 11-nji sentýabr anna güni başlapdy.

Türk inženerleri tarapyndan dizaýn edilip, öndürilen “Jezeri” 230 kilogramlyk alynky prototip uçuş synaglarynda 10 metr uçdy.

Berilen beýannamada garaýyşlaryna orun berilen “Baýraktar” firmasynyň Tehniki müdiri Selçuk Baýraktar; “Gelejekde has kämil prototipleri öndüreris. Sürüjili uçuşlary amala aşyrarys” diýdi.

Geljekde şäherara howa gatnawynda düýpli özgerlişiklere sebäp bolmagyna garaşylýan “Jezeri” uçýan awtoulagy ýolagçy we ýük gatnawynda giňden ulanylar.

Elektrik togy bilen uçýan, üç ätiýaçly ýokary amatlykly ulgama eýe bolan “Jezeri” emeli zehin ulgamlary bilen gurnalar. “Jezeriniň” sagatda 100 kilometr tizlige eýe bolmagy, 2 müň metr belentlikde uçmagy, 1 sagat uçup, 70-80 kilometr ýol geçme ukybyna eýe bolmagy meýilleşdirilýär.

 



Degişli Habarlar