Siriýada Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň bir işgäri şehit boldy

Siriýanyň demirgazygynda Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetine degişli ulaga garşy guralan ýaragly hüjümde jemgyýetiň 1 işgäri şehit boldy, 1 işgäri ýaralandy

1490354
Siriýada Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň bir işgäri şehit boldy

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen beýanata görä, ýüzünde we üstünde uly şekilde Gyzyl ýarymaý emblemasy bolan Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetine degişli ulaga, Siriýanyň Çobanbeý-El-Bab etraplarynyň arasynda, nomersiz iki ulagyň içinden ýüzleri maskaly we ýörite egin-eşikli adamlar tarapyndan od açyldy. 

Hüjümiň netijesinde ulagyň içindäki Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň El-Bab Sewgi dükanynda işleýän 1 işgärı şehit boldy, 1 işgärı bolsa ýaralandy. Ýene-de 1 adam bolsa ýaralanmadan halas boldy. 

Çobanbeý etrabynda bejergi astyna alynan ýaralanan işgäriň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy we ilkinji kömekden soň Türkiýä ugradyljakdygy aýan edildi. 

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Kerem Kynyk, hüjüm guralandygy barada habar alanyndan soň sebite bardy. 

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministrligi, Siriýanyň demirgazygynda guralan ýaragly hüjümde şehit bolan Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň işgärleriniň ganynyň ýerde galmajakdygyny, terrorçylaryň hüjümiň hasabyny artykmajy bilen berjekdigini beýan etdi. 

Milli Goranmak ministrligi: "Halkara hukukda eldegrilmesiz bolan bir ynsanperwer gurama hem hüjüm gurajak derejede peselen terrorçylaryň tapylmagy üçin gury ýerden we howadan her dürli çäre görülmäge başlandy. Şehidimiziň gany ýerde galmaz, terrorçylar bu hüjümiň hasabyny artykmajy bilen berer" diýip belledi. 



Degişli Habarlar