Erdogan Makrona ýene-de bir ýüzlenme berdi...

Prezident Rejep Taýýip Erdogan göreşleriniň ýurt we millet üçin alynyp barylýan gelejek üçin göreşdigini belledi

1489591
Erdogan Makrona ýene-de bir ýüzlenme berdi...

Prezident Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň "Stambulda 100 müň agza" atly çäresinde çykyş etdi. 

"Türkiýäni terror bilen, basyş bilen, ykdysady töwerekler bilen nyşana alýanlarynyň esasy maksatlary, bizi mertebeli we tutanýerli pozisiýamyzdan ýüz öwürtdirmek" diýip aýdan Erdogan: "Bularyň meselesi Adalat we ösüş partiýasy bilenem däl, Rejep Taýýip Erdogan bilen hem däl. Bularyň meselesi hut milletiň özi bilen. Topragyndan döwletine çenli Türkiýäniň barlygy bilendir. Adalat we ösüş partiýasynyň we Rejep Taýýip Erdoganyň üsti bilen Türkiýäni boýun egdirmek, Türkiýäniň dyza çökmegi üçin ähli ýollary barlap görýärler" diýip nygtady. 

Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň "Biziň meselämiz türk milleti bilen däl, biziň meselämiz Erdogan bilen, Erdogany wezipesinden uzaklaşdyrmagymyz gerek" diýen sözlerini ýatladyp: "Makron seniň şonsyzam wagtyň az galdy. Ýakyn wagtda gidersiň. Men saňa birnäçe ýyl ozal näme diýipdim? Telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerimiziň birinde, seret sen taryh bilmeýärsiň, ilki bilen taryh öwren diýipdim we Türkiýä taryh dersini berme diýipdim. Biz sizi Alžiriň üsti bilen tanaýarys. Bir million Alžirlini siz öldürdiňiz, 800 müň Ruandalyny siz öldürdiňiz. Biz sizi Liwiýanyň üsti bilen tanaýarys. Ýüz müňlerçe Liwiýalyny öldürdiňiz. Bize adamzat gymmatlyklary bilen bagly ders berip bilmersiňiz. Biz Osmanly hökmünde ol ýerlere giden mahalymyz parahatçylyk alyp gitdik, ol ýerlere giden mahalymyz adamzat gymmatlyklaryny alyp gitdik. Ilki bilen bulary öwren. Elbetde bulary kabul edip bilenok, şol sebäpli däldireýär" diýip belledi. 



Degişli Habarlar