Kalyn Makrona Fotosuratly Jogap Berdi

Türkiýäniň Ortaýer deniziniň dündogaryndaky kanuny gözlegleri Gresiýa bilen bilelikde Fransiýada hem biynjalyk döretdi

1489020
Kalyn Makrona Fotosuratly Jogap Berdi

Prezidentiň Diwanynyň metbugat Sekretary Ibrahim Kalyn Türkiýe we Prezident R.T.Erdogana garşy ýerliksiz çykyşlary bilen öte geçen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona reaksiýa bildirip, Erdoganyň Makronyň omuzyna eline goýan we sosial medianyň saýlamalarynyň hataryna goşulan fotosuraty goýdy.

Resmi Pariž bilen Afynynyň meçew bermeleri sebitde dartgynlygy artdyrýar.

Sylaşyksyz çemeleşip, Prezident Erdogana garşylyk görkezen Makronyň sözlerine İbrahim Kalyn ajaýyp fotosurat bilen jogap berdi.

“Sözi uzadyp özümizi ýadatmalyň” diýip ýazan Kalynyň habarnamasy şeýle: Sosiak medianyň saýlamalarynyň hataryna goşulan fotosurat geçen tomus Ýaponiýada geçirilen G-20-ä girýän ýurtlaryň sammitinde düşürilipdi.

Prezident R.T.Erdogan şol surat alynýarka Fransiýanyň Prezidenti Makrona Kipr meselesinde: “Kipr meselesinde seniň geplemäge hakyň ýok. Seniň Kipr bilen daşdan-ýakyndan baglanşygyň ýok. Bär men geplärin, Gresiýa geplär, Britaniýa geplär, ÝB geplär, ýöne sen asla gepläp bilmersiň” diýipdi.



Degişli Habarlar