Daşary Işler Ministrligi: “Arap Ligasynyň Kabul Eden Kararyny Ykrar Etmeyäris”

Türkiýe Arap Ligasynyň 9-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Geňeşiniň maslahatynda kabul edilen kararlaryny ykrar etmeýändigini habar berdi

1488240
Daşary Işler Ministrligi: “Arap Ligasynyň Kabul Eden Kararyny Ykrar Etmeyäris”

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Arap Ligasyna agza käbir ýurtlaryň özüniň dartgyn gün tertibiniň we işleriniň üstüni örtmek maksady bilen Türkiýä garşy alyp barýan esassyz aýyplamalaryny, Arap Ligasynyň 9-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Geňeşiniň maslahatynda gün tertibe getirendikleri aýan edildi. 

"Arap Ligasynyň Ministrler Geňeşiniň maslahatynda ýurdumyz bilen baglanşykly kabul edilen kararlary ykrar etmeýäris" diýip bellenen beýanatda: "Bu kararlaryň ähmiýet beriljek tarapy ýokdyr. Sebäbi ýurdumyzyň Arap ýurtlarynyň territorial bütewiligi we syýasy birlikleri bilen sebitiň durnuklylygyna uly ähmiýet berýändigi we bu kararlaryň kabul edilmeginiň arkasynda bar bolan dolanşyklaryň tersine, olaryň goralmagy üçin tagalla edýändigi her kim tarapyndan bilinýän bir hakykatdyr" diýip nygtaldy. 

Beýanatda mundan başgada: "Siriýany bölmäge synanyşýan we Yragyň özbaşdaklygyna wehim salýan terrorçylary goldaýan, Ýemeniň perişan bolmagyna sebäp bolan, Liwiýada huntaçylaryň ýanynda bolan, Sudanda öz bähbitleri üçin asudalygyň ýaňadandan dikelmegini islemeýän, gysgaça aýdylanda adamzat dramalaryna sebäp bolan hökümetlere, söweşiji toparlaryň liderlerine, ekstremist toparlara we terror guramalaryna goldaw berýän taraplaryň ähli garşy hereketlerine garamazdan Türkiýe, sebitde asudalygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin konstruktiw pozisiýasyny tutanýerlilik bilen dowam etdirer" diýip habar berildi. 

Beýanatda: "Arap Ligasyny ýene-de bir gezek ýurdumyza garşy duşmançylykly pozisiýa eýeleýän käbir agzalarynyň täsiri astynda hereket etmegiň ýerine, sebitde howpsuzlygyň we asudalygyň üpjün edilmegi üçin oňyn pozisiýa eýelemeklerine çagyrýarys" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar