Mewlüt Çawuşogly Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 9-11-nji sentýabr aralygynda Mali, Gwineýa-Bisau we Senegal ýaly ýurtlara sapar gurar

1487403
Mewlüt Çawuşogly Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Mewlüt Çawuşoglynyň Mali gurajak saparynyň çäginde CNSP geňeşiniň agzalary, MINUSMA, ECOWAS/CEDAO we Afrika Bileleşiginiň wekilleri bilen syýasy geçiş etap, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşmagy göz öňünde tutýandygy mälim edildi.  

Beýanatda, Mewlüt Çawuşoglynyň 10-11-nji sentýabr aralygynda bolsa Gwineýa-Bisau we Senegal ýaly ýurtlara gurajak saparynyň bolsa, daşary işler ministr derejesindäki ilkinji resmi saparyň boljakdygy habar berildi.  

Ady agzalan ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn gözden geçiriljekdigi, täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriň ele alynjakdygy aýdylýan beýanatda, saparda şeýle hem sebitleýin we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşyljakdygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar