"Gündogar Ortaýer deňizinde ýurdumyzyň we DKTR-nyň howpsuzlyk meseleleri üýtgewsizdir"

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň we DKTR-nyň howpsuzlyk meseleleriniň üýtgewsizdigini belledi

1485700
"Gündogar Ortaýer deňizinde ýurdumyzyň we DKTR-nyň howpsuzlyk meseleleri üýtgewsizdir"

Fuat Oktaý, sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda, Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we DKTR-nyň Howpsuzlyk serkerdeliginiň gatnaşmagynda geçirilýän "Ortaýer deňiz tupany" atly harby türgenleşigiň üstünde durup geçdi. 

Harby türgenleşigiň şu günden başlap DKTR-de başlandygyny aýdan Oktaý: "Gündogar Ortaýer deňizinde diplomatik çözgüt ýollary bilen birlikde ýurdumyzyň we DKTR-nyň howpsuzlyk meseleleri üýtgewsizdir" diýip belledi. 

Oktaý: "Türkiýäni Antalýa aýlagy bilen çäklendirmäge, Kiprdäki türkleri äsgermezçilik etmäge synanyşýanlara garşy polatdan ygtyýarymyzyň wekili we Ortaýer deňiziniň parahatçylyk deňizi bolmagynyň kepillendirijisi bolan gahryman esgerlerimize üstünlikler dileýärin" diýip nygtady. 

Türkiýe we DKTR tarapyndan 6-10-njy sentýabr aralygynda "Şehit kapitan Jengiz Topel Ortaýer deňiz tupany" atly harby türgenleşik geçiriler. 

Her ýyl dowamly häsýetde geçirilen türgenleşik bilen Kipr Türk Parahatçylyk serkerdeligi bilen DKTR-nyň Howpsuzlyk güýçler serkerdeliginiň arasynda ikitaraplaýyn häsýetde tälim, hyzmatdaşlyk we birlikde işleşmegiň özgerdilmegi maksat edinilýär. 

 



Degişli Habarlar