“Biz Adalatly Bolmak Şerti Bilen Ähli Ylalaşyga Taýar”

Prezident R.T.Edogan Stambulda Göztepe Prof.Dr. Süleýman Ýalçyn adyndaky şäher keselhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

1485350
“Biz Adalatly Bolmak Şerti Bilen Ähli Ylalaşyga Taýar”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň ähli platformalarda, ähli duşuşyklarda, her ýüzlenmede adalatly bolmak şerti bilen ähli ylalaşyklara taýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdi.

Dabarada sözlän sözünde ýurduň jebisligini we agzybirligini gorap, ähli tagallany we gije-gündiz işlemäge dowam etjekdiklerini nygtan Erdogan: “Öz raýatlary bilen ähli dostlarynyň we doganlarynyň umydyna öwrülen Türkiýäniň ähli ugurda ösmegi üçin arman-ýadaman işläris” diýdi.

Türkiýä garşy oýnalmak islenýän ähli oýunlary bozjakdyklaryny nygtan Erdogan: “ Biz ýurdumyzy dünýäniň ösen 10 ýurduň hataryna goşmakda ygrarly. Duş gelýän her bir kynçylygymyz Türkiýäniň ähli pudakda ýeten sepgidiniň manysyny has gowy düşündirýär. Türkiýe indi öz potensiýalyny bilýär. Bu hakykatlary garşydaşlarymyzam bilýärler. Ýurdumyza garşy döredilen ýaranlyklaryň aňyrsynda şonuň aladasy we gorkusy bar” diýdi.

Çykyşynda Gündogar Ortaýer deňizinde Gresiýa bilen dowam edýän düşnüşmezlik barada-da durup geçen Erdogan: “Biz Türkiýäniň ähli platformalarda, ähli duşuşyklarda, her ýüzlenmede adalatly bolmak şerti bilen ähli ylalaşyklara taýardygyny ýene-de bir gezek beýan edýäris. Türkiýäniň özüni mejbur etmäge synanşylýan ahlaksyz kartalary we resminamalary ýyrtyp atjak syýasy, ykdysady we harby güýje eýedigine düşünerler. Ýa syýasatyň, diplomatiýanyň dili bilen düşünerler, ýa-da başdan geçirjek agyr tejribeleri bilen düşünerler” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň we türk milletinin ähli şertlere we netijelere taýarlyk görendigini sözleriniň üstüne goşdy.

 



Degişli Habarlar