Awgust aýynda terror guramasy PKK-a agyr zarba uruldy

1-31-nji awgust aralygynda ýuryň öz içinde we goňşy daşary ýurtlarda geçirilen operasiýalarda jemi 85 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1483522
Awgust aýynda terror guramasy PKK-a agyr zarba uruldy

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy awgust aýynda geçirilen üstünlikli operasiýalarda, aralarynda guramanyň ýolbaşçylary hem bolan jemi 85 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň, Içeri işler edarasynyň, Žandarma güýçleriniň we Milli Howpsuzlyk gullugynyň ýurdyň asudalygyny, howpsuzlygyny we jebisligini bozmaga synanyşan terror guramalaryna garşy zarbasy, howpsuzlyk goragçylarynyň hem goldawy bilen tutanýerli ýagdaýda dowam edýär. 

1-31-nji awgust aralygynda ýuryň öz içinde we goňşy daşary ýurtlarda geçirilen operasiýalarda jemi 85 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň PKK-nyň Hakurk welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysy "Agit Garzan" adyny ulanýan Murat Kalkodygy we bu terrorçynyň Terrordan gözlenýänleriň sanawynda gyzyl kategoriýada adynyň bolandygy kesgitlendi. 

Geçirilen 2 aýry operasiýa bilen "PKK-nyň ýöriteleşdirilen harby toparyndan we razwedka toparyndan" bolan jemi 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Eli ganly terror guramasy PKK we ýaşlardan ybarat gurluşyna garşy ýurdyň ençeme welaýatynda geçirilen operasiýalarda göz tussaglygyna alynan şübhe astynda bolan 171 adamyň 28-i tussag edildi. 


Etiketkalar: #awgust , #operasiýa , #PKK

Degişli Habarlar