Mardin welaýatynda "Ýyldyrym-8 Sawur" operasiýasy başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan Mardin welaýatynda 1831 harbynyň we 122 operatiw işgäriň gatnaşmagynda "Ýyldyrym-8 Sawur" operasiýasy başladyldy

1482550
Mardin welaýatynda "Ýyldyrym-8 Sawur" operasiýasy başladyldy

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, ekstremist terror guramasyny ýurdyň gün tertibinden dolulygyna çykarmak we sebitde bardygy kesgitlenen terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Mardin welaýatynda "Ýyldyrym-8 Sawur" operasiýasynyň başladylandygy habar berildi. 

Operasiýa desant güýçlerden, ýöriteleşdirilen harby toparlardan we howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat jemi 1831 harbynyň we 122 operatiw işgäriň gatnaşýandygy aýan edildi. 

Ýyldyrym 1-2-3-4-5-6-7 operasiýalarynyň çäginde şu günki güne çenli jemi 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 63 gowak, gaçybatalga we ammar ýok edildi, köp mukdarda ok-däri, ýarag we azyk ele salyndy. 



Degişli Habarlar