Hakkari welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi

1482536
Hakkari welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Ýyldyrym-2 Jilo operasiýasynyň çäginde Hakkari welaýatynyň Çukurja/Kazan jülgesi sebitinde Welaýat Žandarma serkerdeligine degişli, Žandarmanyň ýöriteleşdirilen topary we desant güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada, 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylar bilen birlikde 2 kalaşnikow tüpeňi we M-16 tüpeňi ele salyndy" diýip habar berildi. 

Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar