Türkiýe Owganystandaky sil apatynda ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirdi

Türkiýe Owganystanda başdan geçirilen sil apaty sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1480234
Türkiýe Owganystandaky sil apatynda ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda başdan geçirilen sil apatynda 100-den gowrak adamyň ýogalandygy we siliň agyr ýitgilere sebäp döredendigi baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Sil apatynda ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara gyssagly şypa, dostlukly we doganlyk Owgan halkyna we hökümetine bolsa gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar