Ýaz we tomus aýlarynda geçirilen operasiýalarda 115 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Meýilleşdirilen operasiýalaryň 5 müň 943-i tamamlandy

1477627
Ýaz we tomus aýlarynda geçirilen operasiýalarda 115 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýaz we tomus aýlarynda geçirilen operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 115 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.  

Ýaz we tomus aýlarynda terror guramasyna garşy göreşini dowam etdiren Howpsuzlyk güýçleri, halkyň asudalygyny we howpsuzlygyny bozmak isleýän terrorçylary ýaramaz howa şertlerine garamazdan täsirsiz ýagdaýa getirmäge dowam etdiler. 

Ýaz-tomus aýlarynda 264 aýry ýere garşy 5 müň 981 operasiýa geçirilmek meýilleşdirilipdi. 

Meýilleşdirilen operasiýalaryň 5 müň 943-i tamamlandy. Şol operasiýalarda 109-y öli ýagdaýda, 6-sy diri ýagdaýda bolmak bilen jemi 115 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Geçirilen operasiýalaryň netijesinde 139 gaçybatalga/gowak ýok edildi, 526 uzyn nilli ýarag, 149 mina/elde ýasalan partlaýjy madda bilen köp mukdarda ok-däri ele salyndy. 


Etiketkalar: #tomus , #ýaz , #PKK , #operasiýa

Degişli Habarlar