Gruziýa bilen Ukraina Harby Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna Gol Çekişdi

Maksatnama iki ýurduň goranmak ministrleri gol goýdular

1475955
Gruziýa bilen Ukraina Harby Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna Gol Çekişdi

Gruziýanyň Goranmak ministri Irakli Garibaşwili bilen Ukrainanyň Goranmak ministri Andriý Taran iki ýurduň esasy meselesiniň rus basybalyjylygydygyny beýan etdiler.

Andriý Taran Tibilisä guran saparynyň dowamynda kärdeşi İrakli Garibaşwili bilen duşuşdy.

Garibaşwili duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda sözlän sözünde Ukraina bilen Gruziýanyň strategik hyzmatdaş ýurtlardygyny beýan etdi.

Ukrainanyň we Gruziýanyň territorial bitewiligi meselesini başdan geçirýändigini aýdan Garibaşwili: “Biziň üçin esasy mesele Russiýa tarapyndan ýerlerimiziň basylyp alynmagy we anneksiýasy. Tebigy ýagdaýda biz öz syýasatymyz arkaly ýerlerimizden basybalyjylary çykarmagyň hötdesinden gelmeli” diýdi.

Ukrainanyň Goranmak ministri Taran bolsa: “Bu mesele territorial bitewiligiň üpjün edilmegi we Russiýa Federasiýasynyň bassyp alan ýerleriniň halas edilmegi” diýdi.

Taran we Garibaşwili Gruziýa bilen Ukrainanyň goranmak ministrlikleriniň arasynda 2020-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdiler.

 



Degişli Habarlar