Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1474355
Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Erdogan bilen Putin geçiren özara telefon arkaly söhbetdeşliklerinde, syýahatçylyk, transport, energetika we ykdysadyýet başda bolmak bilen ençeme ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürjek ädimler ele alynyp, koronawirus epidemiýasyna garşy bilelikde göreş alyp barmak ýaly ugurlar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Gündogar Ortaýer deňizindäki we Liwiýadaky ýagdaýlaryň maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginde, iki lider ýakyn hyzmatdaşlygyň we dialogyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belläp geçdiler.

Telefon söhbetdeşliginde iki lider Siriýadaky soňky hadysalar bilen baglanşykly bolsa Türkiýäniň we Russiýanyň arasynda harby we diplomatik kanallaryň üsti bilen gepleşikleriň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşyga geldiler.



Degişli Habarlar