Hulusi Akar: "Gresiýa bilen meseläni dialog arkaly çözmek isleýäris" diýdi

Akar, Gündogar Ortaýer deňizinde Gresiýa bilen energetika çeşmeleriniň gözleg işleri bilen başlan dartgynlygy dialog arkaly çözmek isleýändigini belledi

1471804
Hulusi Akar: "Gresiýa bilen meseläni dialog arkaly çözmek isleýäris" diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Gündogar Ortaýer deňizinde Gresiýa bilen energetika çeşmeleriniň gözleg işleri bilen başlan dartgynlygy dialog arkaly çözmek isleýändigini belledi. 

Merkezi Britaniýanyň paýtagty London şäherinde ýerleşýän Reuters habarlar gullugyna beýanat beren Hulusi Akar, Ankaranyň sebitdäki hukuklaryny we bähbitlerini gorajakdygyny mälim etdi. 

"Ähli bu zatlara garamazdan, sagdyn pikirliligiň üstün çykjakdygyny ynanmak isleýäris" diýen Akar: "Hem meýdanda, hem stolyň başynda biz halkara hukugyň, gowy goňşuçylygyň we dialogyň tarapdarydyrys. Halkara hukuga bap gelýän parahatçylykly ýollar bilen syýasy çözgüt tapmak isleýäris" diýip belledi.  

Hulusi Akar, Türkiýäniň kenarynda hukuklaryny, gatnaşyklaryny we bähbitlerini goramaga dowam etjekdigini belläp: "Şu bilinmelidir. Deňizlerimizi biziň mawy watanymyz. Her bir damjasy biz üçin gymmatlydyr" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar