Terror guramasyna ýylyň ilkinji 7 aýynda uly zarba uruldy

Türkiýäniň Içeri işler ministri süleýman Soýlu, şu ýylyň başyndan bäri 62-si ýokary derejeli ýolbaşçy bolmak bilen jemi 474 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

1470371
Terror guramasyna ýylyň ilkinji 7 aýynda uly zarba uruldy

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Içeri işler edarasynyň Gorag gullugynyň çäginde iş alyp barjak Gorag tälim akademiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Ministr Süleýman Soýlu ol ýerde eden çykyşynda: "Şu ýylyň başyndan bäri terror guramasy PKK-a agza 62-si ýokary derejeli ýolbaşçy bolmak bilen jemi 474 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi. 

Süleýman Soýlu, PKK-ny dolulygyna ortadan aýyrmak üçin göreş alyp barýan dünýäde ýeke täk ýurdyň Türkiýedigini belledi. 



Degişli Habarlar