Türkiýe bilen Malta, Liwiýa döwletiniň Milli ylalaşyk hökümetine goldaw bermäge dowam edýär

Liwiýanyň, Maltanyň we Türkiýäniň daşary işler ministri Tripolide duşuşdy

1468560
Türkiýe bilen Malta, Liwiýa döwletiniň Milli ylalaşyk hökümetine goldaw bermäge dowam edýär

 

Türkiýe bilen Malta halkara derejesinde ykrar edilen Liwiýa döwletiniň Milli ylalaşyk hökümetine goldaw bermäge dowam edýändigini, Liwiýa krizisiniň harby taýdan çözülip bilinmejekdigini we Liwiýanyň durnuklylygynyň we howpsyzlygynyň möhümdigini mälim etdi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkiýe-Malta-Liwiýa bilelikdäki beýannama çap edildi.

Beýannamada, Liwiýanyň, Maltanyň we Türkiýäniň daşary işler ministriniň Liwiýadaky soňky ýagdaýy we üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin düýn Tripolide duşuşandygy nygtaldy.

Bilelikdäki beýannamada, Türkiýe bilen Maltanyň halkara derejesinde ykrar edilen Liwiýa döwletiniň Milli ylalaşyk hökümetine goldaw bermäge dowam edýändigi, Liwiýa krizisiniň harby taýdan çözülip bilinmejekdigi we Liwiýanyň durnuklylygynyň we howpsyzlygynyň möhümdigi nygtaldy.


Etiketkalar: #goldaw bermek , #Liwiýa , #Malta

Degişli Habarlar